- ulgam-ulgam
- Birnäçe ulgamdan ybarat bolan, köp ulgamly.∙ Ulgam-ulgam baýyrlaryň üstlerine çenli jaý bolup, sansyz köçeler emele gelipdir. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Sizin ülkäňiziň niresine seretseň, ulgam-ulgam gara gum. (B. Kebabaýew, Aýsoltan)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.